🟢 Näme üçin bir baha goýmak hemişe girdeji getirmeýär?
Köp satyjy pikir edýär: “Bir gowy lomaý baha goýaryn şol hem ýeterlikli bolar”. Emma tejribede beýle çözgüt köplenç elden giden müşderiler we ýitirilen şertleşiklere getirýär.
📌 Mysal üçin:
🔵AL — 1000 sany un gaplamasyny satyn almak isleýär. Ol 🔴SAT- yň teklibini tapýar — 1 gaplama üçin 15 manat. Ýöne 🔴SAT diňe bir baha goýup, uly möçber üçin arzanladyş goýmandyr. 🔵AL bolsa bilýär, beýleki satyjylar oňa has gowy şertleri hödýrleýär we şol haryt uly möçberde 13 manat bolany üçin onuň bäsdeşinden alýar.
Netije —🔴SAT uly sargydy elden gidirýär we girdeji sanamaklyga derek harydy ammarda saklamaklygy dowam edýär .
🟢 Çözgüt: Lot boýunça baha goýmak we möçber boýunça arzanladyş
📈ALSAT.com.tm -da munuň ýonekeý çözgüdi bar — sargydyň möçberine görä dürli baha tekliplerini emele getirmek.
📌 Praktikada nähili görünýär? 🔴SAT indi dürli bahalary goýýar:
• 1–100 sana çenli — 15 manat birlik üçin
• 101–500 sany — 13,5 manat (10% arzanladyş)
• 501 we ýokary — 12 manat (20% arzanladyş)
Indi alyjymyza gaýdyp geleli:
🔵AL ýene un gözleýär we 🔴SAT- yň 📈ALSAT.com.tm -daky bahasynyň 1000 sany sargyt edende, 1 gaby 12 manat bolýandygyny görýär. Ol derrew peýdasyna düşünýär : başdaky baha bilen deňeşdirilende tygşytlylyk 3000 manat. 🔵AL ikirjiňlenmesiz sargydy resmileşdirýär.
Iki trap hem utuşda galýar:🔵AL bähbitli satyn alyar,🔴SAT bolsa— ammaryny boşadýar we has çalt girdejisini alýar.
🟢 Peýdadan galman arzanladyşy nädip hasaplamaly?
📈ALSAT-dan 🔴SAT hökmünde arzanladyşy hasaplamagyň usuly:
1. Harydyň özüne düşýän gymmatyny anyklaň. Bu hökmany başlangyç ädim: 1 gap unyň özbahasy — 8 manat
2. Mümkin bolan minimal bahany kesgitläň. Mysal üçin: çykdajylary we islenýän girdejileri hasaba almak bilen iň pes ýerlikli baha — 12 manat
3. Özüne çekiji arzanladyş diapazonlaryny düzüň.
Şeýle strategiýa — alyjylar üçin peýdaly we özüne çekiji teklibi kepillendirýär
«Köpçülikleýin satuw — girdejini artdyrmagyň açarydyr»
🟢 Hakykat ýüzünde bu nähili görüner...
Heniz biz 📈ALSAT-da sabyrsyzlyk bilen ilkinji üstünliklere garaşýançak, beýleki kompaniýalaryň eýýäm lotlar we möçber boýunça arzanlaşyk bahalandyrmany ulanýandygyny aýdyň mysallar arkaly görkezeli:
• 🏪 Bir söwda kompaniýasy artykmaç şliflenen fanerany ALSAT-da ýerleşdirýär. Sargyt üçin 130 sanydan başlap — 29% arzanladyş, 703 sanydan ýokary — 47% arzanladyş hödürleýär. Bu usul derrew öz materiallaryna çykdajylary azaltmaga isleg bildirýän uly alyjylaryň ünsüni çekýär we täze haryt toplumy üçin ammary boşatmaga kömek edýär.
• 💧 Suw filtlary bilen üpjün edijiniň ammarynda hojalyk filtrleriň käni bar. Progressiw arzanlaşygy hödürlemek arkaly: 30 sanydan — 39%, 163 sanydan — 52% arzanlaşyk, olar söwda torlaryny we öz müşderieri üçin amatly şertleri gözleýän regional distribýutorlary gyzyklandyrmak isleýärler.
• 🧵 Tekstil üpjün edijiniň ammarynda artykmaç ýokary hilli mata. Möçbere görä özüne çekiji arzanlaşygy hödürlemek arkaly 116 metrden — 42%, 250 metrden 63% arzanlaşyk — uly mukdarda material satyn almak üçin hemişe amatly şertleri gözleýän dikin fabrikleri we tekstil önümçilikleri ýeňillik bilen gyzyklandyryp biler.
📌 Ýyndamlyk bilen şahsy üstünligiňiziň taryhyna başlamak isleýarsiňizmi? — Haýal etmän 📈ALSAT.com.tm sahypasyna giriň we özüňiziň unikal satuw şertleriňizi düzüň!
🟢 📈ALSAT size nähili bähbitli satmaga kömek edýär?
📈ALSAT.com.tm platformasynda size çeýe bahalandyrmany çalt we ýeňil girizmäge kömek edýän oňaýly gurallary işläp düzdük:
• ✅ Möçber boýunça dürli bahada intuitiw düşnükli teklip düzmek
• ✅ “Bahaňy teklip et” funksiýasy arkaly alyjylar, satyja öz talabyny iberip biler, satyjy bolsa haýal etmän hususy teklibini hödür eder
• ✅ Nähili bahalaryň has bäsdeşlige durnukly boljakdygyny hemişe biler ýaly, amatly baha goýmak boýunça maslahat we analitika
🟢 Gysgaça aýdanyňda:
📈ALSAT topary hemişe alyjynyň gözleri bilen seretmegi maslahat berýär.
🔴SAT, 🔵AL-yň pikir edişine düşünip, çykdajylaryny azaldyp we maliýe görkezijilerini gowlandyryp, has köp satyp hem-de ammaryny çaltjak boşadyp biler.
📌 Haýal etmän çeýe bahalandyryşyn potensialyny ulanyň! 📈ALSAT.com.tm giriň we sanlyja wagtyň içinde mukdar boýunça arzanladyşy sazlaň:
• 👉 Harytlary ýerleşdirip başlaň ýa-da, eýýäm ýerine ýetiren bolsaňyz, dessine
• 👉 Lotlar boýunça baha teklibiňizi dörediň
Bäsdeşleriňiziň sizden öň başlaryna garaşmaň. Haýal etmän hereket ediň we maksimal girdejili 📈ALSAT.com.tm -da satyň!
Siziň ynamdar hyzmatdaşyňyz,
📈ALSAT Topary