Türkmen-Britan işewürlik duşuşyklary: söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze tapgyr!

Häzirki wagtda Türkmenistan senagat taýdan uly özgertmeler döwrüni başdan geçirýär: ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär, önümçilik kuwwatlyklary artýar, innowasiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar, senagat pudagy diwersifikasiýalaşdyrylýar, halkara hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär, söwda gatnaşyklarynda täze gözýetimler açylýar... Bu özgertmeler ykdysadyýetiň senagat hem-de söwda pudaklarynyň toplumlaýyn, özara baglanyşykly, netijeli ösýändigini görkezýär. Türkmen telekeçileriniň işewürligiň ýörelgeleriniň milli nusgasyny döretmek bilen, harytlaryny hem-de hyzmatlaryny halkara bazarlara çykarmaklary söwdanyň işjeň ösýändigini, daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen ýygy-ýygyjam gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny äşgär edýär. 9 — 16-njy maý aralygynda türkmen işewür wekilýetiniň Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherine amala aşyran iş sapary hem halkara söwdany täze sepgitlere çykarmakda, britan işewürleri bilen dürli ugurlarda geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda hemde Ýewropa bazaryna çykmakda gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň başlangyjyna öwrüldi.
Telekeçilik, işewürlik, söwda hyzmatdaşlygy bu günki günde ykdysadyýetiň ösüşiniň möhüm şerti, daşary ykdysady gatnaşyklaryň hereketlendirijisi hasaplanýar. Halkara söwdanyň ähmiýeti we dolanyşyk kuwwaty bolsa ýylsaýyn ilerleýär. Ol eksport-import amallarynyň sazlaşykly amala aşyrylmagynda, diwersifikasiýa syýasatynyň ösdürilmeginde esasy orny eýeleýär. Şu meselede Türkmenistan sebitde eýýäm köpugurly senagat mümkinçiliklerine eýe bolan, geografik taýdan yklymara ulag geçegeleriniň çatrygynda ýerleşýän, eksport ugurlary giň, işewürligi ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşýän ýurt hökmünde baý tejribe toplady.
Golaýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň London şäherine amala aşyran sapary milli işewürligiň ösüşinde taryhy ähmiýete eýe boldy. Onuň Gahryman Arkadagymyzyň Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparynyň öňüsyrasynda bolmagy hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly esasda ilerledilýändigini äşgär edýär. İşewürlik saparyna «Ýigit», «Takyk Abzal», «Ynamdar Täjir», «Berkarar Ada», «Ýedi Ýer», «Tämiz gap», «Döwlet gurluşyk», «Ak hünji», «Güneşli syýahat» ýaly we beýleki dürli ugurlarda iş alyp barýan hususy düzümleriň onlarçasy gatnaşdy.

Günbatar London Söwda-senagat edarasynda geçirilen türkmen-britan işewürler duşuşygynyň (UK — Türkmenistan B2B Exchange 2026) resmi açylyş dabrasynda iki ýurduň wekilledi senagatyň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine üns çekdiler. Aýratyn-da, dokma, oba hojalygy, gurluşyk, bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada fikir alşyldy. Geçen ýyllaryň dowamynda agzalan ugurlarda türkmen telekeçileri baý tejribe topladylar, iri taslamalary durmusha geçirdiler, daşarky bazarlara ýokary hilli önümlerini ýetirmek bilen, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýollaryny gurdular. Bu kuwwat bilen Ýewropa bazaryna çykmak bolsa hemmetaraplaýyn amatlydyr.
Sanly platformalar arkaly çeýe söwda hyzmatdaşlygy B2B işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde döwrebap hem netijeli ugurlaryň biridir. Şu babatda türkmen kärhanalarynyň britaniýaly işewürlere hyzmatdaşlyk teklipleri barada gyzyklanyp, duşuşyklara gatnaşan «Ynamdar Täjir» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Gurbanmuhammet Berdiýew bilen söhbetdeş bolduk.
— Biziň kompaniýamyz üçin taýýarlanylan matchmaking maksatnamasynyň çäklerinde işewürlik hyzmatlary, sanly strategiýa, maýa goýum, bank işi, önümçilik konsaltingi, korporatiw hukuk, amallary optimizasiýa etmek we bank infrastrukturasyny ösdürmek ýaly ugurlar boýunça duşuşyklar, maslahatlaşmalar teklip edildi. Olaryň hatarynda «Launchese», «Consulio», «BTFV Venture Fund», «ECMO», «YORKCAP IB», «Manufacturing IQ», «Wellingtons Solicitors», «LEAN Solutions» we «EFG Bank» kompaniýalary bar. Bu ugurlar platformamyzyň halkara ösü-şi, sanly infrastrukturasyny berkitmek, maýa goýuma taýýarlygy we söwda mümkinçiliklerini giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. « 📈ALSAT» platformasy britan kompaniýalary üçin Türkmenistana gyzyklanmany pes derejeli töwekgelçilik bilen barlamagyň amatly usuly bolup biler. Söwdada gowy maglumat geleşigiň ýarysy diýmekdir — diýip, işewür saparyň sanly B2B platformalarynyň geljekki söwda hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýelejekdigini nygtady.

Britan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleriniň amatly şertlere eýedigini aýratyn nygtamalydyrys. Olar önümçilikden başlap, söwda-haryt dolanyşygyna çenli bu işiň ähli tapgyrlarynda öňdebaryjy tejribelere, halkara standartlara esaslanýarlar. Ýurdumyzyda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere gatnaşyp, dünýäniň ýokary hil ülňülerine kybap gelýän harytlarynydyr hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar, daşary ýurtlaryň innowasion önümçilik tejribelerini özleşdirýärler. Saparyň çäklerinde «Excel London» toplumynda guralan «UK Construction Week London 2026» atly halkara gurluşyk sergisi hem nobatdaky tejribe boldy. Onda türkmen wekilleri innowasion tehnologiýalaryň, emeli aňyň gurluşykda ulanylyşy we täze görnüşli gurluşyk materiallary boýunça gazanylanlar bilen tnyşdylar. Bu bolsa gurluşyk harytlarynyň önümçiliginde we döwrebap binalary gurmakda bitewi önümçilik-gurluşyk infrastrukturasyna eýe bolan ýurdumyzyň täzeçilikler babatda tejribe alyşmagy üçin ähmiýetlidir.
Işewürlik duşuşyklaryna Beýik Britaniýanyň «Range Rover», «Primark», «Shell», «Score», «APM Fresh», «Fieldfisher», «Make UK», «Berkeley Group», «Sanderson Design Group» hem-de «Smart Currency Exchange» ýaly belli kompaniýalarynyň gatnaşmagy ähmiýetli boldy. Olar türkmen telekeçileriniň önümçilik we eksport mümkinçiliklerine, Türkmenistanyň soňky ýyllarda dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşýandygyna ýokary baha berdiler. Ýurdumyz senagat we söwda pudaklaryna innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Senagat 4.0 nusgasyna esaslanýar. Şeýle kuwwatly infrastrukturanyň täze gözýetimleri bolsa gönümel halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek bilen baglydyr.
Iňlis paýtagtyndaky «Kia Oval» binasynda guralan gozgalmaýan emläk pudagyna degişli işewürlik çäreleri, Beýik Britaniýanyň «UK Export Finance» ulgamynyň mümkinçilikleri hemde britan bazaryna oba hojalyk önümlerini eksport etmekde bildirilýän halkara standartlar, «GLOBAL GAP» we «SEDEX» ýaly sertifikatlaşdyryş ulgamlary bilen tanyşdyrýan ýörite okuw maslahaty türkmen telekeçilerine britan bazaryny öwrenmäge ýardam edýär. Bu bolsa zerurlyklary seljerip, hyzmatdaşlyk teklipleini hödürlemek üçin oňaýlydyr.
— Işewürlik sapary, ilkinji nobatda, geljekde uzak möhletleýin esasda alnyp baryljak hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýol açar. Ol türkmen tarapyna Beýik Britaniýanyň hem-de Ýewropanyň bazaryna çykmagy maslahatlaşmak üçin uly mümkinçilik boldy. Aýratyn-da, dokma hemde azyk senagaty önümleri pudagynda hyzmatdaşlyga uly mümkinçilikler bar. Bu işewürlik duşuşygy gaýtalanýan format hökmünde ýola goýlup, ony her ýylda ikitaraplaýyn esasda geçirmek meýilleşdirilýär. Ol Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda işewürlik hyzmatdaşlygynyň hemişelik köprüsine öwrüler — diýip, «Turkmen Congress» kompaniýasynyň hünärmeni Gaýgysyz Arnagulyýew gürrüň berdi.

Netijede, işewürlik saparynyň jemleri boýunça 103 sany B2B görnüşli gepleşikler geçirilip, özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalaryň we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklaryň 20-ä golaýyna gol çekildi. Bu türkmen hususyýetçileriniň Ýewropanyň, şol sanda Beýik Britaniýanyň bazarynda önümlerini hödürlemäge, britan işewürlik düzümleriniň bolsa Merkezi Aziýanyň bazaryna çykmaga gyzyklanmasynyň uludygyndan habar berýär. Esasy bellemeli tarapy bu saparyň umumy maksada — iki ýurduň hem döwlet we işewürlik düzümleriniň özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri dogrusynda fikir alyşmak ýaly meýillerine esaslanýandygydyr.